Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! • Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar! • Mertlik we ynsanperwerlik mekdebi: “Ýaş halasgärler” bäsleşigi geçirildi
← Yza
Ýaş tebigatçylar Hazar döwlet tebigy goraghanasyna gitdiler

Neşir edilen: 21.02.2024

Ýaş tebigatçylar Hazar döwlet tebigy goraghanasyna gitdiler

2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda «Deňiz süýdemdirijileri çagalaryň gözi bilen» atly surat bäsleşiginiň ýeňijileri bolan 8-15 ýaş aralygyndaky 10 sany mekdep okuwçysy üçin Hazar döwlet tebigy goraghanasyna gyzykly gezelenç guraldy. Gezelenç «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Parahat Syýahat» syýahatçylyk kärhanasynyň goldawy bilen amala aşyryldy.

Gezelenjiň dowamynda çagalar ilki bilen goraghananyň guralyşy we taryhy bilen tanyşdylar. Soňra Hazar deňziniň kenaryna gezelenç edilip, ýaş tebigatçylar suw guşlaryna syn etdiler we deňiz ýaşaýjylary barada gyzykly maglumatlary diňlediler. Şeýle-de çagalar Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän tebigat muzeýine aýlandylar we goraghananyň baý biologik dürliligi bilen ýakyndan tanyşdylar.

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýli Şyhmädowanyň bellemegine görä, şeýle çäreler ýaş nesilde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde we olarda tebigata bolan söýgini oýarmakda uly ähmiýete eýedir.