
Neşir edilen: 22.06.2026
🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, 22-28-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň çäginde günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, Diýarymyzyň Balkan, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň gijeki temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23...+25°С-dan +26...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+37°С-dan +40...+42°С aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30...+35°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+26°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +23...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +31...+36°С maýyldan +37...+42°С aralygynda yssy bolar.
Düýn, 21-nji iýunda halk senenamasy boýunça «ülker» döwri tamamlanyp, «aralyk» döwri başlandy. Bu astronomik döwür demirgazyk ýarym şarynda Günüň tomusky säginmesi bilen utgaşyp, ol 18 günläp dowam edýär. Halk arasynda, bu möwsümde ekilen ekinleriň bol hasyl berýändigine ynanylýar. 22-nji iýula çenli dowam etjek bu täze döwürde size bereket we işleriňizde rowaçlyk arzuw edýäris!