Neşir edilen: 29.06.2026
Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň ählisinde ýagyş ýagar, biraz salkynlyk aralaşar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, 29-njy iýun – 5-nji iýul aralygynda ýurdumyzyň çäginde günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň gijeki temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+23°С-dan +24...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +30...+32°С maýyldan +36...+38°С aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +28...+33°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23°С-dan +22...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+34°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +30...+35°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +29...+34°С maýyldan +35...+40°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16...+21°С-dan +20...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +27...+32°С maýyldan +32...+37°С aralygynda yssy bolar.
Bu hepdede tomus paslynyň ortaky aýyna geçýäris. Şeýle hem hepdäniň ahyrlarynda, ýagny 4-nji iýulda guramamyzyň guramagynda “Bilelikde ýaşyl geljege!” atly eko-festiwal geçirilýär. Sizi uly hormat bilen çärämize gatnaşmaga çagyrýarys. Goý, bu hepde size şowlulyk getirsiň!