📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
Ýurdumyzda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Neşir edilen: 16.03.2026

Ýurdumyzda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Bu resminama laýyklykda, ministrliklere, häkimliklere we ähli pudaklaýyn edaralara dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky bu döwletli ädim, ekilen nahallaryň idegini talabalaýyk ýola goýmak we täze tokaý zolaklaryny döretmek arkaly Watanymyzyň ekologiýa abadançylygyny has-da berkider.

🔗 "Ýaş tebigatçy"