Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! • Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar! • Mertlik we ynsanperwerlik mekdebi: “Ýaş halasgärler” bäsleşigi geçirildi
← Yza
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda gar barslarynyň sany artýar

Neşir edilen: 18.03.2026

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda gar barslarynyň sany artýar

Hytaýyň Sinsýan-Uýgur awtonom raýonyndaky Tomur gerşiniň Milli tebigy goraghanasynda gar barslarynyň (irbisleriň) her ýylky sanawy geçirildi. Ýitip gitmek howpy astynda bolan we Hytaýda birinji derejeli döwlet goragyna alnan bu seýrek duş gelýän haýwanlaryň häzirki wagtda agzalýan çäkde 205-e golaýynyň ýaşaýandygy anyklandy.

«Большая Азия» media çeşmesine salgylanyp, THP-niň habar bermegine görä, bu görkeziji sebitde gar barslarynyň durnukly populýasiýasynyň emele gelendigini we gorag işleriniň netijeli alnyp barylýandygyny tassyklaýar.

🔗 "Ýaş tebigatçy"