Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! • Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar! • Mertlik we ynsanperwerlik mekdebi: “Ýaş halasgärler” bäsleşigi geçirildi
← Yza
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda seýrek duş gelýän dag goçy sagaldyldy

Neşir edilen: 16.03.2026

Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda seýrek duş gelýän dag goçy sagaldyldy

Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen dag goçunyň guzusynyň saglygyny doly dikeltdiler. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň maglumatyna görä, 2024-nji ýylyň aprelinde aýagyndan şikes alan guzujyk goraghananyň Biodürlülik merkezine getirilipdi. Bäş aýa çeken dikeldiş işleriniň netijesinde, ýöriteleşdirilen iýmit we ideg arkaly guzujyk doly sagaldy hem-de adamlara uýgunlaşdy. Ýakyn wagtda Magtymguly etrabynda geçiriljek ekologik çäreleriň dowamynda bu dag goçunyň guzusy köpçülige görkeziler. Ýurdumyzda dag goçunyň üç görnüşi – Buhara goçy, türkmen dag goçy, Üstýurt dag goçy döwlet goragy astynda saklanyp, olaryň populýasiýasyna surat gapanlary arkaly yzygiderli ylmy gözegçilik edilýär.

🔗 "Ýaş tebigatçy"