«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
💧 Hazar deňzine soňky ýyllarda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Neşir edilen: 09.06.2026

💧 Hazar deňzine soňky ýyllarda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministrliginiň maglumatlaryna görä, soňky iki ýarym ýylyň dowamynda deňze jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw akdyryldy.

Bu umumy mukdaryň 17 milliard kubmetrden gowragy 2024-nji ýyldaky tebigy suw joşgunlarynyň netijeli dolandyrylmagy saýasynda deňze ugrukdyryldy. Şu - ýylyň başyndan bäri bolsa Hazar deňzine akdyrylan suwuň mukdary eýýäm 6,16 milliard kubmetre ýetdi.

Deňziň ekoulgamyny goramak gury ýerde suw tygşytlaýjy medeniýeti kemala getirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Hazarýaka sebitleriň oba hojalygynda damjalaýyn we ýagyş ýagdyryjy suwaryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde diňe geçen ýyl 12,8 million kubmetr suw tygşytlandy. Şu ýyl hem innowasion çäreleriň çägi barha giňeldilýär.

Suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça alnyp barylýan bu çäreler Hazar deňziniň biodürlüligini we sebitiň ekologik deňagramlylygyny gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir.