
Neşir edilen: 20.05.2026
🦟 Çybynlardan goranmagyň ýönekeý usuly: haýsy reňkdäki eşikleri geýmeli?
Tomus aýlarynyň gelmegi bilen mör-möjekler, aýratyn-da çybynlar köpümizi biynjalyk edip başlaýar. Allergiýa we immunologiýa boýunça hünärmen Inna Wasilýewanyň düşündirmegine görä, çybynlar özlerine "pida" saýlanlarynda töwerekdäki adamlaryň gan toparyna, beden gyzgynlygyna, dem alanda çykarýan kömürturşy gazyna, hatda geýen eşiginiň reňkine çenli üns berýärler.
Lukmanyň bellemegine görä, bu mör-möjekleriň iň birinji nyşana alýan adamlary — birinji (I) gan topary bolanlardyr. Şeýle gan toparly adamlaryň derisinden aýratyn gant maddalary bölünip çykýar we çybynlar onuň şireli hem-de ýokumlydygyny duýýarlar.
Çybynlaryň iň uly syry — olaryň reňk saýlama ukybydyr. Gözlegler bu jandarlaryň gara, goňur we goýy gök ýaly garamtyl reňkli eşikleri örän aňsat we çalt saýgarýandygyny subut edýär. Çybynlaryň gözleri gara reňki gizlenip boljak kölegeli, ýyly we howpsuz meýdança hökmünde kabul edýär.
Allergolog çybynlardan goranmak üçin ilkinji nobatda açyk reňkli eşikleri geýmegi maslahat berýär. Şeýle hem çygly we suwly ýerleriň golaýynda azrak bolmak, mör-möjekleri ürküzýän ýörite gorag serişdelerini ulanmak maslahat berilýär.
Ýeri gelende aýtsak, bu mör-möjekler Ýer ýüzündäki iň wehimli janly-jandarlaryň biri hasaplanýar. BSSG-niň berýän resmi maglumatlaryna görä, çybynlar dürli görnüşdäki ýokanç we howply keselleri tiz ýaýratmak arkaly her ýyl ýüzlerçe müň adamyň wepat bolmagyna sebäp bolýarlar. Şonuň üçin öňümizdäki tomus aýlarynda açyk reňkli eşikleri geýip, özüňizi hem-de ýakynlaryňyzy çybynlardan goraň. Saglygyňyzy we rahatlygyňyzy birinji orunda goýuň!