Neşir edilen: 15.05.2026
☀️ Utkiawik şäherinde 84 günüň dowamynda Gün ýaşmaz
Häzirki wagtda Ýer şarynyň demirgazyk we günorta nokatlarynda biri-birine gapma-garşy bolan täsin tebigy hadysalar bolup geçýär. Demirgazyk ýarym şarynyň polýar sebitlerinde «polýar gündizligi» başlan bolsa, Antarktidada häzir «polýar gijesi» höküm sürýär.
Alýaskanyň iň demirgazyk nokady bolan Utkiawik (öňki ady Barrou) şäherinde Gün 13-nji maýda dogdy. Indi 84 günüň dowamynda, ýagny awgust aýynyň 2-ne çenli ýaşmaz. Bu bolsa ýaşaýjylaryň üznüksiz ýagtylykda ýaşamaly boljakdygyny aňladýar.
Munuň tersine, Günorta polýusynda Gün eýýäm 21-nji martda ýaşypdy. Indi bu sebiti 21-nji sentýabra çenli 6 aýlyk doly garaňkylyk gurşap alar. Häzirki wagtda Amerikanyň «Amundsen-Skott» we Russiýanyň «Wostok» ylmy stansiýalarynda gije-gündiz diýmän garaňkylyk höküm sürýär. Bu ýerlerde häzir howanyň temperaturasy -60...-70 °C-den hem aşakda saklanyp galýar.