
Neşir edilen: 29.04.2026
Möwsümi açyk diýip yglan edýäris!
Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer! Hawa, dostlar, tudana iýilýän möwsümi açyp diýip yglan edýäris!
Bu agaja — tut, süýji miwesine bolsa — tudana diýýäris. Alymlar Morus alba ýa-da Morus nigra diýip “agras” atlary goýsalaram, biziň üçin bular iň süýji ak we gara tutlar!
Tudana bişdigi şäherimiziň “gohçy” myhmanlary — alasarlar peýda bolýar. Alymlar Pastor roseus diýip at beripdirler, ýöne bular hakyky "tudana janköýerleri". Iýýärler, gohlaşýarlar, hezil edýärler!
Tudananyň düzüminde şeker, protein, demir we saglygymyz üçin zerur bolan minerallaryň tutuş toplumy bar! Iýiň, lezzet alyň!
Tut agajy berk, sagdyn bolýar hem-de uzak ýaşaýar. Şonuň üçinem, dostlar, “janyňyz tut ýaly sag bolsun!”