Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! • Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar! • Mertlik we ynsanperwerlik mekdebi: “Ýaş halasgärler” bäsleşigi geçirildi
← Yza
Ählihalk bag ekmek dabarasynda 611 müňden gowrak nahal ekildi

Neşir edilen: 22.03.2026

Ählihalk bag ekmek dabarasynda 611 müňden gowrak nahal ekildi

21-nji martda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge we durnukly tebigy gurşawy kemala getirmäge gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda ýurdumyz boýunça 611 962 düýp agaç nahaly oturdyldy, şeýle hem 2 024 240 düýp agaja ideg işleri geçirildi.

Çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolanyşyk edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem giň jemgyýetçilik gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.