
Neşir edilen: 25.05.2026
⛅️ Howa maglumaty: hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, 25-31-nji maý aralygynda ýurdumyzyň çäginde günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde, hepdäniň başynda we ahyrynda Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna, şeýle hem howanyň gijeki temperaturalarynyň durnukly ýagdaýda bolmagyna garaşylýar.
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 11-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16...+18°С-dan +22...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +28...+30°С maýyldan +38...+40°С aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+18°С-dan +20...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+40°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +26...+31°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15...+20°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl, gündizlerine +27...+32°С maýyldan +36...+41°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14...+19°С-dan +20...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +27...+32°С maýyldan +35...+40°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+18°С-dan +20...+25°С aralygynda maýyl, gündizlerine +28...+33°С maýyldan +35...+40°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13...+18°С-dan +19...+24°С aralygynda maýyl, gündizlerine +24...+29°С maýyldan +34...+39°С aralygynda yssy bolar.
Ýaz paslynyň soňky günlerinde ýagjak berekediň her bir maşgala asudalyk, tämizlik getirmegini arzuw edýäris.