Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! • Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar! • Mertlik we ynsanperwerlik mekdebi: “Ýaş halasgärler” bäsleşigi geçirildi
← Yza
«Ýaşyl geljegiň umytlary» atly festiwal geçirildi

Neşir edilen: 24.04.2024

«Ýaşyl geljegiň umytlary» atly festiwal geçirildi

23-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň we Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň guramagynda «Ýaşyl geljegiň umytlary» atly festiwal geçirildi.

Bu çäre Türkiýede galyndysyz dünýä güni mynasybetli guraldy. Festiwalyň esasy maksady daşky gurşawa hormaty ýokarlandyrmak, galyndylary azaltmak we materiallary gaýtadan ulanmagyň mümkinçiliklerini we amaly endiklerini görkezmek arkaly ýaş nesilleriň arasynda ekologiýa medeniýetini ösdürmekden ybaratdyr.

Bilelikdäki türkmen-türk mekdebinde geçirilen bu çärede çagalar üçin oýunlar, eko-kwest, gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan senetleriň sergi-bäsleşigi we galyndylary gaýtadan işlemek boýunça ussatlyk sapaklary ýaly üçin gyzykly maksatnama taýýarlandy.

Eko-kwestiň dowamynda çagalar daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň wajyplygy barada düşünjelerini artdyrdylar. Gaýtadan işlenen materiallardan ýasalan senetleriň sergi-bäsleşiginde çagalaryň taýýarlan esbaplary görkezildi.

Bu festiwal tebigaty söýüjileriň müňden gowragyny bir ýere jemledi.