📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
«Garaşsyz Watanym - Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Neşir edilen: 20.06.2026

«Garaşsyz Watanym - Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda «Garaşsyz Watanym - Türkmenistanym» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

  • Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýaşy 35-e çenli mugallymlarynyň arasynda geçirilýär.

  • Bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzyň şäherleri, şäherçeleri, obalary, taryhy ýadygärlikleri we täsin binalary, orta we ýokary okuw mekdepleri, tebigat gözellikleri, goraghanalary, dag-düzleri, derýalary, ýollary... barada anyk delillere we maglumatlara esaslanyp, publisistik makala ýazmaly.

  • Bäsleşige hödürlenjek makalalar 22-nji maýdan 10-njy sentýabra çenli kabul ediler we iň gowy işlere eminler topary tarapyndan baha berler.

  • Bäsleşik 18-nji sentýabrda jemlener.

  • Ýeňijilere bäsleşigiň guraýjylary tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 28-14-05, 28-14-36.