Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! • Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar! • Mertlik we ynsanperwerlik mekdebi: “Ýaş halasgärler” bäsleşigi geçirildi
← Yza
🐼 Hytaýda ýylyň ilkinji panda çagasy dünýä indi

Neşir edilen: 15.06.2026

🐼 Hytaýda ýylyň ilkinji panda çagasy dünýä indi

Dünýä tebigatyny we biodürlüligi gorap saklamagyň özboluşly nyşanyna öwrülen uly pandalaryň maşgalasynda ýene bir begençli waka hasaba alyndy. Syçuan welaýatyndaky uly pandalary gorap saklamak we öwrenmek boýunça Hytaý merkeziniň Wolun Şenşupin binýadynda şu ýylyň ilkinji panda çagasy dünýä indi. Bu barada THP habar berýär.

Ekologlary begendiren bu waka 4-nji iýunda hasaba alyndy. Häzirki wagtda En En atly ene pandanyň we onuň täze doglan çagasynyň saglyk ýagdaýy örän gowy. Olar üçin hünärmenler tarapyndan iň ýokary derejede ideg şertleri üpjün edildi.

Ýitip gitmek howpy astyndaky we aýratyn goralýan uly pandalar Hytaýyň milli hazynasy hasaplanýar. Täze doglan çagajyklar örän ejiz, gözleri kör bolýar. Olar bary-ýogy 100-150 gram agramynda dünýä inýärler. Edil şu sebäpli hem Wolun Şenşupin binýadyndaky hünärmenleriň seýrek jandarlary gorap saklamak babatdaky bu üstünligi bütin dünýä ekologlary tarapyndan uly şatlyk bilen garşylandy.