«Ýurt abadan — il bagtyýar»: Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy • 🏔️ Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge taýýarlanýar • 🐾 Gaplaňlar bilen selfi düşmek döwri “tamamlandy”
Yza
Amazonkada seýrek görnüşli pyşbagalaryň sany artdyrylýar

Neşir edilen: 01.04.2026

Amazonkada seýrek görnüşli pyşbagalaryň sany artdyrylýar

Braziliýanyň Amazonka sebitinde seýrek duş gelýän pyşbagalaryň 1,5 müňden gowrak çagasy tebigatyň goýnuna — Riu-Negru derýasyna goýberildi. Žau milli seýilgähinde geçirilen bu çäre ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriň populýasiýasyny dikeltmek maksadyna esaslanýar.

Taslama Ýabany tebigaty goramak jemgyýeti, "ICMBio" agentligi we ýerli ilatyň utgaşykly hyzmatdaşlygy netijesinde amala aşyryldy. Hünärmenler şeýle başlangyçlaryň sebitiň ekoulgamyny we biodürlüligini gorap saklamakda geljekde hem möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny nygtaýarlar.

🔗 "Ýaş tebigatçy"