«Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly eko-çärämize gatnaşyň! • «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergisinde «Ýaş tebigatçynyň» stendi uly gyzyklanma döredýär • “Kids Expo” sergisinde “Ýaş tebigatçy” bilen ekologiýa älemine syýahat ediň!
Yza
Ekologik abadançylyk: «ÝHHG Modeli» talyplar üçin täze tejribe boldy

Neşir edilen: 15.04.2026

Ekologik abadançylyk: «ÝHHG Modeli» talyplar üçin täze tejribe boldy

2026-njy ýylyň 13–14-nji aprelinde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi türkmen talyplary üçin howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan «ÝHHG Modeli» çäresini geçirdi.

Bu çäre talyplar üçin ÝHHG-nyň diplomatik ýörelgelerini we ylalaşyk gazanmak prosesini öwrenmäge ýardam berýän amaly meýdança öwrüldi. Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar howanyň üýtgemeginiň howpsuzlyga ýetirýän täsirlerini seljerip, halkara gepleşikleri alyp barmak we umumy ylalaşyga gelmek boýunça ukyplaryny kämilleşdirdiler.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy William Lif öz çykyşynda: «Ýaşlar üýtgeşmeleriň esasy güýjüdir. Howa meseleleri boýunça kabul edilýän çözgütleriň durnukly bolmagy üçin ýaş nesliň bu prosese işjeň gatnaşmagy möhümdir» diýip belledi.

Çärä ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinden — Türkmenistanyp DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Halkara nebit we gaz uniwersitetinden hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden ýaşlaryň 25-e golaýy gatnaşdy.