Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! • Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar! • Mertlik we ynsanperwerlik mekdebi: “Ýaş halasgärler” bäsleşigi geçirildi
← Yza
Täsin kelguş

Neşir edilen: 14.09.2026

Täsin kelguş

Guşlar görnüşleri boýunça köpdürlüdir. Olaryň uçup geçýän, gyşlaýan, uçup gelip höwürtgeleýän, şonuň ýaly hem oturymly görnüşleri bardyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen guşlaryň biri hem kelguşdyr. Ol guşlar laçyn şekilliler toparynyň gyrgylar maşgalasyna degişlidir. Olaryň beýle atlandyrylmagy ýöne ýerden däl. Sebäbi kellesi ýeleksiz, ýalaňaç bolýar. Kelguşlaryň göwresi 47 — 65 santimetr, agramy 1,5 — 2 kilograma çenli, ganatynyň gerimi 165 santimetre çenli bolýar.

Kelguş guşlaryň uçup geçýän, höwürtgeleýän we gyşlamaga galýan görnüşleriniň biridir. Ýurdumyzda olar Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Köpetdagda, Garabilde, Köýtendagda, Günorta Üstýurtda, Garabogazda, Amyderýanyň kenarynda ýaşaýarlar. Türkmenistandan başga-da, Günorta Ýewropada, Afrikada, Merkezi Aziýada, Hindistanda duş gelýär. Bu guşlar «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde höwürtgeleýärler. Ylmy barlaglary geçirenimizde, pisse tokaýlarynda, Gyzyljardaky köne gowaklarda, Ýeroýlanduz çöketliginiň kert gaýalarynda höwürtgelerini hasaba aldyk. Tomus möwsüminde goraghananyň meýdanlarynda, esasan hem güzerleriň ýanynda olary görmek bolýar. Bu guşlar aprel aýynyň ikinji ýarymynda höwürtgeläp başlaýarlar. Adatça, 2 sany, kähalatlarda bolsa 1 sany ýumurtga goýýarlar. Jüýjeleri iýunyň başynda ýumurtgadan çykýar. Ýumurtga basýan döwri 37 — 42 güne çenli dowam edýär. 70 — 90 günden soň, jüýjeleri höwürtgeden gidýärler, olara mäkiýany hem-de horazy ideg edýär. Kelguşlaryň ömür dowamlylygy ýabany tebigatda 20 — 25 ýyla barabar, haýwanat baglarynda olar 37 — 40 ýyla çenli ýaşap bilýärler.

Kelguş göwresiniň çepiksijedigine garamazdan, her gezekde 300 — 400 grama çenli et iýip bilýär. Bu guşlaryň görüş, ys alyş ukyby örän güýçli bolýar. Olaryň göreçleri adamyňkydan 7 esse artyk görmäge ukyplydyr. Ýerdäki iýmiti birnäçe kilometr uzaklykdan görüp bilýärler. Olar ýyly howa akymyny penalap, gaýyp ýörüşlerine, biri-birini göz astynda saklaýar. Eger-de guşlaryň biri iýmite tarap inip gaýdaýsa, beýlekiler hem dessine aşak inýär. Şeýlelikde, olar topar bolup ýaşap, biri-birine iýmitlenmäge ýardam berýärler. Kelguşlaryň dünýä ýüzünde goralmagyna uly üns berilýär. Olar Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna, Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Bonn konwensiýasynyň (CMS) hem-de Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakyndaky konwensiýanyň (CITES) Goşundylaryna girizildi.