Howa maglumaty: gündizlerine 44 gradusa çenli yssa bolar • Dünýäniň iň owadan sözi diýlip ekologik garaýyşlary aňladýan adalga saýlandy • Kongo tokaýlyklarynda maýmynyň täze görnüşi tapyldy
Yza
Gajar guşy

Neşir edilen: 19.07.2026

Gajar guşy

Ýurdumyzda ýyrtyjy guşlaryň 40-a golaý görnüşi bar. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda ýyrtyjy guşlaryň görnüş dürlüligi örän täsin. Bu guşlaryň her biriniň ýaşaýyş aýratynlygy, şeýle hem olaryň tebigatyň sazlaşygynda ähmiýetli orny bar.

Bathyzyň tebigatyny öwrenmäge höwesli alymlar ýa-da Ýeroýlanduz, Gyzyljar, Bathyz pisselikleri ýaly täsinligi görmek isleýän syýahatçylar üçin gajar guşuny ýakyndan synlamaga amatly pursatlar bolýar. Sebäbi dazzarkel, bürgüt, göwenek we başga guşlar bilen bilelikde al-asmanda gaýyp ýören gajar guşy häli-şindi duşýar. Esasan hem olary uly pisse agaçlaryndaky höwürtgelerinde görmek bolýar. Uzak aralykdan göreniňde uly guşdugy göze ilýär, kähalatlarda baýyrlyklarda oturanlarynda ulurak tokly ýaly hem görünýär. Bu guş oturanda boýy bir metrden geçýär, ganatlaryny ýaýanda bolsa 3 metre golaýlaýar, agramy 6 — 7,5 kilograma ýetýär. Bu äpet guşuň guýruk ýelekleri gara, bedeniniň galan ýelekleri goýy goňur. Guşuň kellesi we boýny ýeleksiz, ýalaňaç bolýar. Her bir ýyrtyjy guşlaryň ekologiýa aýratynlygyna görä, olaryň birnäçesi gemrijileri awlap, agaçdyr otjumak ösümlikleri zyýankeşlerden goraýar, käbir görnüşler şikesli-keselli ýabany haýwanlary awlaýar. Şeýle hem meýdanlarda kesele ýa-da başga sebäplere uçrap, pida bolan ýabany jandarlaryň galyndylary bilen iýmitlenýän guşlar hem bar, olara arassaçylyk kadalaryny berjaý edýän ýyrtyjy guşlar diýilýär. Hut gajar guşunyň özi tebigatda arassaçylyk kadasyny ýerine ýetirýän guş hökmünde belli görnüşleriň biridir. Bathyz sebitinde gajardan başga sakally garaguş, kelguş, dazzarkel hem tebigat arassaçylygyny sazlaýjylardyr. Gajar Bathyzdan başga Uly Balkanda, Köpetdagda, Amyderýa, Murgap we beýleki derýalaryň arasyndaky giňişliklerde duş gelýär. Ýöne onuň sany tebigatda örän az. Şonuň üçin ol Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşirine hem girizildi. Bu täsin ýyrtyjy guş Bathyzda oturymly ýaşaýar. Olar pisse jeňňelliginiň köp ýaşan we sagdyn düýplerinde, Gyzyljardyr Ýeroýlanduz ýaly ýerleriň kert gaýalarynyň erňeklerinde, çöketligiň gum basan ýerlerinde, gara sazak düýplerinde höwürtge gurýarlar. Guşlaryň höwürtge gurmaga saýlap alan ýerleri, köplenç, suwly çeşmelere golaý ýerleşýär, höwürtgeden bütin töwerek oňat görünýär, howa akymynyň täsiri ýumşak geçýär. Gajar guşlary bir höwürtgäni birnäçe ýyllap ulanýarlar. Höwürtgäniň möçberiniň we agramynyň ýyldan-ýyla artdygyça, onuň töwereginiň berkligi gowşaýar, güýçli tüweleý üstünden düşende ol gapdala agýar. Şondan soň guşlar täze höwürtge gurýarlar. Gajarlaryň täze guran höwürtgelerini penalap köp guşlar gelýärler, şolaryň arasynda serçeler ýeňiji bolup, onuň aşaky diwarlaryndaky boşluklary eýeleýärler. Göräýmäge gajar guşy bu «gelmişek» serçelere gaýtawul beräýjek ýaly, ýöne ol beýle däl, gaýtam, serçeleri uly ýyrtyjylaryň howpundan goraýar. Tebigatda ýyrtyjy guşlaryň serçe şekilliler bilen ylalaşykly ýaşaýşy köp duşýar. Höwürtgeleýän serçeleriň sany bu ýerde 7-8 jübüte ýetýär. Gajarlar aprel aýynyň birinji ýarymynda, kä ýyllar mart aýynyň ikinji ongünlüginde ýumurtgalaýarlar. Olaryň diňe bir ýumurtgasy bolýar. Ine, şu hem guşlaryň tebigy sanynyň haýal dikelmeginiň bir sebäbidir. Maý aýynyň ortalaryndan tä ahyryna çenli dürli wagtda goýlan ýumurtgadan jüýje çykýar. Iýundyr iýulda — tomsuň jöwzaly yssysynda uly guşlar jüýjelerini gyzgynlykdan goramak üçin onuň üstüne ganatyny gerip, kölege edip, tä salkyn düşýänçä oturýarlar. Nesil aladasyna guşlaryň ikisi-de gatnaşýar. Jüýjeler ösdükleriçe, olaryň ak sütük ýelekleri hakyky ýelek örtügi bilen çalyşýar. Awgust aýynda olar doly ganatyna galyp, uzakdan uly gajara çalymdaş bolýar. Bu görnüş täze nesliň basym uçurym bolup, uly guşlaryň toplumyna goşuljakdygyny aňladýar.

Gajarlar maslykçy guşlaryň iň iýermenleriniň biridir. Olar alajagaplaň, syrtlan, möjek ýaly uly ýyrtyjy haýwanlaryň toýnakly haýwanlary — keýikdir aýragy awlap, geregini edinip, gyra çekileninden soňra, awy ilkinjileriň hatarynda eýeleýärler. Çüňki olar Gün nuruny giňişleýin çaýyp başlanyndan 1-2 km ýokarlyga göterilip, ummasyz uly giňişligi synlaýarlar. Gyş paslynda, onuň aýazly, sowuk we agyr gelen ýyllarynda iýmit gözlegi üçin gajarlar esasy ýaşaýan ýerinden uzaklara göçýärler. Kähalatlarda baýyrlyk meýdanlarda dazzarkel, garga we beýleki guşlar bilen bilelikde oturan gajarlara hem gözüň düşýär. Bathyz sebitinde we oňa ýanaşyk giňişliklerde ýabany toýnaklylaryň baş sany ýeterlik, öri meýdanlarda bolsa dowarlaryň müňlerçesi bakylýar. Şeýlelikde, gajarlar iýmitlik gorunyň gözleginde bolup, tebigatyň arassaçylygyny, ýagny ýabany haýwanlaryň hem arasynda dürli keselleriň ýaýramazlygynyň öňüni almakda uly peýda berýän täsin guşdur.

Biz — ylmy işgärler Bathyz pisselikleriniň arasynda gajaryň höwürtgelerini hasaba almak bilen, uly höwürtgelerde täze nesliniň aladasyny edýän gajarlary görýäris hem-de dürbüde olaryň ýaşajyk jüýjelerini synlaýarys. Olaryň sanynyň goraghanada durnukly ýagdaýy bolsa tebigatyň hem-de görnüşiň arasyndaky arabaglanyşygyň sazlaşykly ösüşini görkezýär.