Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! • Ekologik bilimiňi syna: “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy zehin bäsleşigine çagyrýar! • Mertlik we ynsanperwerlik mekdebi: “Ýaş halasgärler” bäsleşigi geçirildi
← Yza
Çigildem

Neşir edilen: 17.04.2026

Çigildem

Irbahar gül açýan bu ösümlige dag eteklerinde duş gelmek bolýar. Çigildemleriň birnäçe görnüşi bolup, olaryň käbir görnüşleri ýurdumyzda hem duş gelýär. Suratdaky görnüş ylmy dilde, ýagny latynçada «Tulipa micheliana» diýlip atlan dyrylýar. Bu ösümlik Köpetdagda, Kürendagda, dageteklerinde we baýyrlyklarda duş gelýär. Fewral aýynda ösümligiň ilki iki insiz ýapragy, soňra baldagy ösüp çykýar. Köpýyllyk ösümligiň düýbi sogana meňzeş bolup, sary ýa­da gyzyl owadan güli bolýar. Ösümligiň uzynlygy 15­40 santimetr aralygynda bolýar. Çigildemler adatça bir sany gül açýar. Ýabany görnüşleriniň köp bolşy ýaly, medeni usulda ösdürilip ýetişdirilýän çigildemler hem bar.