
Neşir edilen: 22.05.2026
🌧️ Öýlänçi (ýa-da “ak ýagyş”)
Türkmen tebigatynyň ýylyň belli bir paslynyň belli bir günlerinde ýylyň-ýylyna gaýtalanyp durýan özboluşly bir hadysasy bar. Hawa, gürrüň öýlänçi hakynda. Bu söze «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» öýle wagtlary ýagyp, derrew hem diňýän güýçli ýagyş diýlip düşündiriş berilýär. Görüp otursaň, onuň her ýylyň hut şu günlerinde, ýagny maý aýynyň ilkinji on günlüginden başlap, aýyň ahyryna çenli bolup geçýändigini hünärmenler hem tassyklaýarlar.
Ýeri gelende aýtsak, hepdäniň başyndaky howa maglumatynda hem ýurdumyz boýunça öýlänçi ýagyşlarynyň ýagmagyna garaşylýandygy barada habar beripdik. Seýregräk ýagdaýda, bu ýagyşlar tomus günlerinde hem ýagýar.
Öýlänçä mahsus bolan birnäçe tebigy aýratynlyk bar. Bu ýagyş sowuk bolmaýar. Ol sil döredýän çabga däl, güýçli ýagsa-da, gaty siňňitli bolup, ýeri we topragy suwa doýurýar. Halk arasynda oňa «ak ýagyş» hem diýilýär, çünki ol ene Ýeriň üstüni tozandan saplap, baharda janlanýan tebigatyň täzeden ýüzüni açýar we ösümlik dünýäsini nemlendirip, ekoulgamyň durnuklylygyna uly peýda ýetirýär.
Gök gübürdäp, öýlänçi geçip gidensoň, ýalbyrap Gün çykýar we yz ýanyndanam asmanda älemgoşar peýda bolýar. Ol özüniň ýedi reňki, ýagny gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl, gök, mawy hem melewşe öwüşgini bilen görenleriň göwnüni göterýär.
Isle öýlänçi diýilsin, isle ak ýagyş, onuň daşky gurşawa ýetirýän täsiri ummasyzdyr. Ýagşyň yzyndan emele gelýän tämiz howa hem-de asmanda lowurdaýan älemgoşar bolsa, ýurdumyzyň bahar tebigatyna aýratyn gözellik goşýar.