📸 Tebigatyň suratlary: Asman täsinliklerinden deňiz düýbündäki ägirt akula çenli • ☀️ Älem bilen tebigatyň sazlaşygy: Ýylyň iň uzyn gündizini garşylaýarys • 🌧️ Howa maglumaty: welaýatlarymyzyň käbirinde ýagyş ýagar, +43°С-e çenli yssy bolar
Yza
Ak sazak – tebigatyň täsin ösümligi

Neşir edilen: 04.06.2026

Ak sazak – tebigatyň täsin ösümligi

Türkmenistanda ekologiýa baradaky döwlet syýasatyna laýyklykda, daşky gurşawy goramak, tebigatyň ýer-suw, toprak we biologiýa baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly giň gerimli işler toplumlaýyn geçirilýär. Watanymyzy bagy-bossana öwürmek üçin uly tagallalar edilýär.

Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň 80 göterimini Garagum çöli eýeleýär, ol dünýäniň iri çölleriniň arasynda häli-şindi üýtgäp durýan durnuksyz we örän gurak howasy bilen tapawutlanýar. Türkmen topragynyň gözelligi we täsin tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsi Garagum çöli bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Fiziki-geografiki şertlerine görä, Garagum çöli üç sany uly bölege bölünýär: Merkezi Garagum, Üňüz aňyrsyndaky Garagum we Günorta-Gündogar Garagum. Olaryň has ulusy Merkezi Garagumdyr, onuň meýdany 200 müň inedördül kilometrdir. Garagum çölüniň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Şeýle täsin we giňden ýaýran ösümlikleriň biri-de sazakdyr. Biziň ýurdumyzda sazagyň iki görnüşi ösýär: ak sazak we gara sazak ýa-da ojar, dünýäde bolsa ýene-de üçünji zaýsan diýilip atlandyrylýan görnüşi duş gelýär. Zaýsan sazagy esasan Gazagystan döwletiniň çäginde giňden ýaýrandyr.

Sazak urugynyň ady-Haloxylon-grek sözlerinden gelip çykyp, “halos-duz” we “xylon”-agaç diýmekligi aňladýar. Bulardan başga-da sazagyň ýene bir täsin ýeri –  Ak sazagyň ösüşi fewralyň ahyrynda başlaýar. Ol mart-aprelde gülleýär we sentýabrda miweleýär, tohumy güýzüň soňky (noýabr) günleri bişip ýetişýär. Çygly we ýyly ýaz möwsüminde sazak örän işjeň ösýär. Çöl-çägelik tokaýlarda ak sazak köp duş gelýär. Gara sazak-ojarlyklar azrak meýdany eýeleýär.

Ak sazak (Haloxylon persicum) gyrymsy agaç bolup, onuň beýikligi 2-5 metre ýetýär. Agaç sütüni agyr, ýöne agajy örän döwlegen açyk-çal gabykly gyrymsy ösümlik. Ýaş birýyllyk şahalary – açyk-ýaşyl reňkli, bogunly. Ýapraklary gowşak ösen we sarymtyl, ýiti uçly teňňejikler görnüşinde pudaklaryň bogunlaryna gysylyp ýerleşýärler. Olar püre öwrülen we yssy howada suwy tygşytly ulanmaga ýardam edýär. Bu esasy alamaty boýunça ony gara sazakdan aňsat tapawutlandyryp bolýar. Miwesi ýokarsyndan gysylan. Sütüniniň diametri – 10-20 sm töweregi. Pudaklary bir ýylda  50 sm-e çenli ösýär. Ak sazagyň üstüni çäge basanda, onuň şahalary goşmaça kök çykarýar we çägäni berkidýär. Ak sazagyň şahalary döwlenden soň hem oňat ösýär hem-de täze baldaklar ösüp çykýar. Ol diňe çägeliklerde ösýär we seýrekleşen tokaýlary hem-de örüleri emele getirýär. Gyş döwründe düýeler, dowarlar ak sazagyň baldaklaryny, miwelerini we ýere gaçan pürlerini iýýärler.

Gara sazak-ojar (Haloxylon aphyllum), köplenç düzlüklerde, şorlaşan çägeliklerde we çäge ulgamlarynyň arasyndaky pesliklerde ösýär. Gara sazagyň boýy 5-8 metre ýetýär. Onuň sütüniniň diametri 50-70 sm ýetýär. Ak sazakdan tapawutlylykda gara sazak suwda çümýän has agyr agaç. Gabygy köplenç açyk goňur reňkli. Ak sazagyňka garanyňda birýyllyk ýaş şahalary has ýogyn, köplenç garamtyl-ýaşyl reňkde bolýar. Ýapraklary düýbünden ösmedik: bogunly şahajyklaryň düwüninde teňňejikler görnüşinde çykyp durýar. Ak sazakdan tapawutlylykda miwesiniň ýokarsy içine gidip duranok, tersine, özboluşly ownuk gyzylja “ülje (wişnýa)” ýaly somalyp durýar. Bu ösümlik ýarym asyrdan hem köp ýaşaýar. Onuň bir düýbünden 200 gramdan 10 kg çenli tohum ýygnamak bolýar. Ekilen ilkinji ýyllarynda haýal ösýär, 5-6 ýyldan ösüşi tizleşýär we 12-nji ýylynda bolsa boýy 4-5 metre ýetýär. Ojaryň tohumlyk önümliligi ýaşyna we howa şertlerine baglydyr. Onuň ýaş nahallary az tohumlaýar, 10-12-den 35-40 ýaş aralygynda has bol miwe getirijiligi bellenýär. Çölüň gazaply gyş şertleri sebäpli ojar her ýyl miwelemeýär. Ol dürli ekologiýa şertlerinde – ýerasty suwlaryň çuň bolmadyk ýerlerinde, şorlaşan topraklarda, çägelerde, pes daglaryň we dag etekleriniň topraklarynda oňat ösýär.

Ak we gara sazak Merkezi Aziýanyň çöl ösümlik toparlanmalarynyň dominanty bolmak bilen “sazak tokaýlyklaryny” emele getirýärler. Ak sazak çägeli çöllükleriň hemme ýerlerinde, Eýranyň günortasyndan Jungar-Kaşgaryň demirgazygyndan gündogaryna çenli ýaýrandyr. Gara sazagyň ýaýrawy has giňdir: Eýrandan Jungar-Kaşgara we Mongoliýa çenli. Sazagyň örän uly hojalyk ähmiýeti bardyr. Sazakly öri meýdanlaryň goýunlar we düýeler üçin gyşyna, kähalatlarda tomsuna ot-iýmlik ähmiýeti bardyr. Merkezi Aziýanyň käbir welaýatlarynyň gazlaşdyrylmadyk ýerlerinde bu ösümligiň agajy ýokary hilli ýangyç hökmünde ulanylýar we daş kömrüň kaloriýa derejesinden pes däldir. Üstesine-de, gara sazagyň agajy ýangyç hökmünde has amatlydyr. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynda Garagum sährasyndaky ençeme ösümlikler, olaryň dermanlyk ähmiýeti barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Garagum sährasynyň biodürlüligini gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda alnyp barylýan işleriň gerimi giňeldilýär. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, köpeltmek, geljekki nesillere galdyrmak şu günüň wajyp meseleleriniň biridir.