
Neşir edilen: 12.06.2026
Täsin ösümlik
Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Üstýurt belentliklerinde geçirilen ylmy barlaglarda ýabany haýwanlaryň görnüşleri bilen bilelikde, ösümlikleriň görnüş dürlüligi hem-de ösüş ýagdaýlary öwrenildi. Şonda meýdanlaryň ösümlik örtüginde daş-töwerege gözellik paýlaýan täsin ösümlikleriň birnäçesiniň güllemek, tohum emele getirmek ýagdaýyndaky ösüş tapgyrlary dowam edýärdi.
Üstýurt tekizliginiň ösümlik dünýäsiniň öwrenilmeginiň ilkinji gezek 1825-nji ýylda başlanandygy hem-de bu işe alymlaryň birnäçesiniň goşandy hakynda botanik alym Ş.I.Koganyň Günorta Üstýurduň ösümlik dünýäsi baradaky ylmy çeşmelerinde aýdylýar. Alymyň işinde Üstýurt tekizliginde ösýän relikt, endemik ösümlikler barada hem maglumatlar berilýär. Onuň ösümlikleriň görnüşleriniň ýaýran ýerleri, fenologiýa ösüşi baradaky maglumatlary häzirki günde hem uly ähmiýete eýedir.
Üstýurtda geçirilen barlagda ösümlikleri surata düşürýän pursadym şar şekilli tohum gozajykly täsin ösümlige gabat gelip, dessine onuň ýaýran ýeriniň kordinatyny belledim. Şeýle hem ýene-de birnäçe kilometr ýoluň ugurlarynda saklanyp, gözegçilik geçirilen ýerlerde ösümligiň azda-kände düýpleriniň ýaýrandygyny öwrendik. Ilkinji gezek gabat gelen ösümligimiň adyna «şübheli doňuzgataňňyr» (Leontice inserta) diýilýär. Ol zirkler maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlikdir. Bu täsin ösümligiň boýy 10 — 20 santimetre ýetýär. Ol ýeriň aşagynda daşy düwür-düwür bolan, 15 — 20 santimetr çuňlukda ýerleşýän armyt şekilli klubeni emele getirýär. Ösümlik toýunly, ownuk daşly, çägeli, şorlaşan ýerlerde ösýär. Mart aýynyň ahyrynda, aprelde gülleýär. Şübheli doňuzgataňňyry ilkinji gezek botanik alym Ş.I.Kogan 1947-nji ýylda Üstýurtda Tamdy guýusynyň töwereklerinde, şeýle hem Kabegşem gerşiniň gaýasynda hasaba alýar.
2024-nji ýylda ösümlikleri öwreniji alym A.Pawlenko Üstýurt bilen bagly geçiren barlaglarynda şübheli doňuzgataňňyryň ýaýran ýerleri boýunça ylmy maglumatlary toplaýar. Şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda geçirilen gözegçilikde Garnyýarygyň meýdanlarynda, soňra şol ýerden günorta-gündogar tarapa 130 — 150 kilometr gowrak ýol geçilen meýdanda bu ösümligiň tohum gozajyklaryny emele getiren düýpleri bellendi. Çopanlaryň aýtmagyna görä, bu ýeriň adyna Busgun diýilýär. Şeýlelikde, soňky ýyllarda Üstýurt belentliklerinde geçirilen gözegçiliklerde täsin ösümlik şübheli doňuzgataňňyryň ýaýran ýerleri hem-de fenologiýasy boýunça ylmy maglumatlar toplandy. Ýurdumyzda ösümlikleriň doňuzgataňňyr urugyna degişli Ewersmanyň doňuzgataňňyry (Leontice ewersmannii) hem duş gelýär. Ol Köpetdagda, Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Hazarýaka çöllük ýerlerde, Üstýurtda, Bathyzda, Köýtendagda ýaýrandyr. Bu ösümlik mart aýynda gülleýär. Şu ýylyň mart aýynyň ikinji ongünlüginde «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň «Guryhowdan» çäkli goraghanasynyň çäginde ýylansoganlaryň köpçülikleýin gülläp, meýdanlary syýa öwüşgine bezän wagtlary Ewersmanyň doňuzgataňňyrynyň güllän düýpleri hasaba alyndy.
Üstýurt belentliginden soňra ylmy ekspedisiýa Ýaňysuw — Gyzylgüp aralygyndaky meýdanlarda dowam edilende, meýdanlaryň ösümlik örtüginiň ýagdaýynyň ýokarydygy bellenildi. Şeýle hem Ewersmanyň doňuzgataňňyrynyň tohumly gozaly düýpleri uzak aralykdan her kimiň ünsüni özüne çekdi. Biz ösümligiň bu ýerlerde giňden ýaýrandygyna göz ýetirdik.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bu iki görnüşiň dermanlyk häsiýetleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Merkezi Aziýanyň halk lukmançylygynda hem doňuzgataňňyrlaryň klubeninden melhemlik serişdeler taýýarlanylyp, dürli keseller üçin peýdalanylypdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň çäginde her bir ösümligiň ýaýran ýerlerini, biologiýasyny öwrenmegiň ähmiýeti örän uludyr. Üstýurt belentliginden ösümlikleriň başga görnüşleri barada hem ylmy maglumatlar toplandy. Ösümlikleriň görnüşlerini kesgitlemäge ýurdumyzyň botanik alymlary P.Kepbanow hem-de A.Pawlenko ýakyndan ýardam berdiler.